Gyrgyz-türkmen hökümetara toparynyň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyz-türkmen hökümetara toparynyň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy
Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. (Surat: Gyrgyzystanyň DIM-niň metbugat gullugy)

Gyrgyzystanyň Daşary işler, daşary söwda we maýa goýumlar ministri Ruslan Kazakbaýew geçen anna güni Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýakyn geljekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara gyrgyz-türkmen toparynyň indiki mejlisine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda Kazakbaýew 5-nji noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly ilkinji ykdysady foruma taýýarlyk hem-de forumyň çäginde gurnalan çäreler barada maglumat berdi.

Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Strategiki hyzmatdaşlygy we Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, ulag pudagy we energiýa üpjünçiligi ýaly infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy.

2022