Balkan welaýatynda KAMAZ okuw we hyzmat merkezi açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkan welaýatynda KAMAZ okuw we hyzmat merkezi açyldy
Täze KAMAZ merkezi bir günde 10 ulaga hyzmat edip bilýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda çarşenbe güni KAMAZ kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Täze desganyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu merkeziň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda KAMAZ kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezini gurmak hakynda beren tabşyrygyna laýyklykda badalga berildi. “KAMAZ FTC CORP. LLP” kompaniýasynyň buýurmasy boýunça “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi tarapyndan bina edilen desga bir günde 10 ulaga hyzmat edip bilýär.

KAMAZ merkeziniň gurluşygy üçin 10 müň inedördül metr meýdan ýer bölünip berildi. Onuň üstünde esasy dolandyryş we kömekçi binalar we desgalar guruldy. Olaryň arasynda okuw we hyzmat merkeziniň iki gatly binasy hem bar.

Binanyň birinji gatynda ofis otaglary, hyzmat ediş, abatlaýyş bölümleri we awtoulag ýuwulýan ýerler bardyr. Ikinji gatda merkeziň hünärmenleri üçin ofisler, synp otaglary, naharhana, dynç almak üçin otaglar bardyr.

Mundan başga-da, merkeziň çäginde ammar, ýük we ýeňil awtoulaglar üçin duralga, ulaglar üçin sergi meýdançasy we barlag nokady guruldy.

2022-nji ýylda Russiýanyň öňdebaryjy ýük awtoulaglarynyň öndürijisi KAMAZ Türkmenistanda ýörite tehnikalaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Türkmenistanda ýörite tehnikalaryň önümçiligini guramak baradaky taslama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystanyň wekiliýetiniň düzüminde şu ýylyň sentýabr aýynda iş sapary bilen Aşgabada gelen KAMAZ kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Kogogin bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022