Türki döwletleriň guramasynyň maksatlary we wezipeleri

Nurmyrat Mommaýew
Türki döwletleriň guramasynyň maksatlary we wezipeleri
Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretariatynyň binasynyň açylyş dabarasy, Stambul, Türkiýe

Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywan Şertnamasy esasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe döwletleri tarapyndan esaslandyryldy. Wengriýa 2018-nji ýylda bu gurama synçy döwlet hökmünde kabul edildi. Şol ýylyň 30-njy aprelinde Özbegistan hem Türki geňeşe goşulmak meýlini beýan edip, 2019-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda guramanyň doly agzasy boldy. 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambuldaky Demokratiýa we azatlyklar adasynda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitinde guramanyň ady Türki döwletleriň guramasy diýlip üýtgedildi we Türkmenistan bu gurama synçy döwlet hökmünde gatnaşdy. Guramanyň Baş sekretariaty Stambulda, Halkara Türk Medeniýet Guramasy Ankarada, Türki döwletleriň guramasynyň parlament assambleýasy Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda we Halkara Türk akademiýasy Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda ýerleşýär.

2009-njy ýylyň 3-nji oktýabryndaky Nahçywan şertnamasyna agza döwletler guramanyň Birleşen Milletler Guramasynyň şertnamasyna laýyk gelýändigini we guramanyň maksadynyň Türki dilli döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleýin we global parahatçylyga hem-de durnuklylyga goşant goşmakdan ybaratdygyny mälim etdiler. Şeýle-de agza döwletler demokratiýa, adam hukuklaryna hormat goýmak we kanunyň hökmürowanlygy ýaly esasy gymmatlyklara ygrarlydyklaryny tassykladylar. Ýurtlaryň umumy taryhyndan gözbaş alýan ýakyn gatnaşyklar olaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy we ynamy ösdürmeklerini ýeňilleşdirýär.

Guramanyň Nahçywan şertnamasynyň 2-nji maddasynda görkezilen esasy maksatlary we borçlary şulardan ybaratdyr:

  • Taraplaryň arasynda özara ynamy, dostlugy we hoşniýetli gatnaşyklary ýokarlandyrmak;
  • Sebitde we sebitiň daşynda parahatçylygy üpjün etmek we howpsuzlygy berkitmek;
  • Daşary syýasat meselelerine umumy nukdaýnazardan çemeleşmek;
  • Umumy maksatlar bilen baglanyşykly ähli ugurlarda netijeli sebitleýin we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek;
  • Söwda we maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek;
  • Giňişleýin we durnukly ykdysady ösüşi, sosial we medeni ösüşi maksat edinmek;
  • Kanunyň hökmürowanlygy, netijeli dolandyryş we adam hukuklaryny goramak;
  • Ylym, tehnologiýa, bilim we medeniýet ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek;
  • Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen özara hereketleri we gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek;
  • Hukuk meselelerinde maglumat alyş-çalşyny we kazyýet hyzmatdaşlygyny ösdürmek.

Agza döwletler ähli meselelerde, esasanam ykdysady, bilim we medeni ugurlarda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy maksat edinýärler. Bu gurama agza bolmak beýleki guramalar bilen işleşmäge we olara agza bolmaga päsgel bermeýär. Türkmenistanyň syýasaty hem şu ugurdadyr. Bitarap Türkmenistan soňky geçirilen sammite ilkinji gezek synçy statusy bilen Prezident derejesinde gatnaşdy.

Türki döwletleriň guramasynyň agza we synçy ýurtlarynyň ilaty takmynan 150 milliona, ýurtlaryň jemi tutýan meýdany bolsa 4,242,362 inedördül kilometre barabar bolup, ol uly we möhüm geosyýasy sebitde ýerleşýär. Agza ýurtlarynyň Jemi içerki önüminiň 1 trillion ABŞ dollaryndan gowrak bolmagy bilen gurama dünýä ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär hem-de bu ýagdaý olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegi bilen barha ýokarlanar.

Bilermenler 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilen sammiti taryhy taýdan dogry häsiýetlendirip, kabul edilen kararlaryň, wezipeleriň we maksatlaryň sebitiň geosyýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan möhüm taryhy ähmiýete eýe bolandygyny belleýärler. Türki döwletler ilkinji gezek gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine has giňişleýin baha berdiler we guramanyň Stambuldaky  sekizinji  sammitinde möhüm global, sebitleýin we milli meseleleri kesgitlediler. Mundan başga-da, döwletlere umumy syýasatlary işläp düzmek teklip edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Aşgabatda geçirilen metbugat ýygnagyndaky beýanatlary Türkmenistanyň Gurama berýän ähmiýetini görkezýär. Hajiýew öz çykyşynda Türkmenistanyň synçy döwlet hökmünde sammite gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, bu sammitiň Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasyna agza döwletler bilen ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, ekologiýa, ylym we beýleki dürli ugurlarda gatnaşyklary hem-de özara hereketleri kämilleşdirmek babatynda mümkinçilikleri döredendigini nygtady. Hajiýew Türki döwletleriň guramasynyň möhüm sebit guramasy hökmünde dünýäniň halklaryny medeni gymmatlyklar bilen birleşdirýändigini we ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny aýtdy.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022