Bütindünýa Söwda Guramasynyň wezipeleri we maksatlary

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bütindünýa Söwda Guramasynyň wezipeleri we maksatlary
BSG Bütindünýä banky we HPG bilen deň derejede halkara hukuk statusyna eýedir.

Bütindünýa Söwda Guramasy (BSG) hökümetleriň içerki söwda kanunlaryny we düzgünleriniň işlenip düzülmegine ýardam berýän, köpçülikleýin şertnamalar arkaly ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin düzgünleri kesgitleýän guramadyr. Onuň esasy ýörelgeleri diskriminasiýa ýol bermezlik, ikitaraplaýyn gatnaşyk, hökmany ýerine ýetirilmeli borçnamalar, aç-açanlyk we howpsuzlyk gymmatlyklary bolup durýar.

BSG Ikinji jahan urşundan bäri GATT (Söwda we nyrhlar barada umumy şertnamalar) şertnamalarynyň çäginde amala aşyrylan halkara söwdany ösdürmek ugrundaky tagallalaryň ýeten iň ýokary derejesidir. Soňky 20-30 ýylda ikitaraplaýyn we sebitleýin erkin söwda şertnamalarynyň (FTA) sany barha artdy. BSG-nyň döredilmegi Urugwaýda geçirilen (1986-1994) tegelek stol ýygnaklarynda maslahatlaşylyp, ol 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda döredildi. Ondan ozal BSG-nyň gurulmagy baradaky pikir ilkinji gezek iňlis ykdysatçysy Jon Maýnard Keýnes tarapyndan 1944-nji ýylda Halkara pul gaznasynyň (HPG) we Bütindünýä bankynyň (BB) döredilmegine sebäp bolan Bretton Wuds konferensiýasynda beýan edildi. ABŞ-nyň Gazna ministri Genri Waýt tarapyndan taýýarlanan meýilnama tassyklanandan soňra, Söwda we nyrhlar baradaky umumy şertnamalar (GATT ) döredildi. Wagtyň geçmegi bilen hem-de bolup geçen wakalaryň netijesinde GATT BSG-e öwrüldi.

BSG-nyň maksady ýurtlaryň arasynda söwda akymlarynyň mümkinçiliklerini öňünden anyklamak ugrunda tagallalary etmek, söwdalaryň erkin we adaty bolmagy üçin zerur çarçuwany döretmek hem-de bu maksat üçin düzgünleri kesgitlemekden ybaratdyr. Bu nukdaýnazardan, BSG ýurtlaryň arasynda global söwda düzgünlerini döretmäge synanyşýar.

BSG-nyň üç esasy dolandyryş edarasy bardyr:

  1. Ministrler mejlisi: Azyndan iki ýyldan bir gezek duşuşyk geçirýän we agza döwletleriň ministrlik derejesinde wekilçilik edýän kanun çykaryjy organdyr.
  2. Umumy geňeş: Gündelik dolandyryş bilen bagly kararlary kabul edýän we yzygiderli duşuşyklary geçirýän dolandyryş edarasydyr. Bu geňeşiň agzalary, adatça, BSG-a agza ýurtlaryň ilçileri ýa-da BSG-nyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryndan emele gelýär. Käbir ýagdaýlarda agza ýurtlaryň resmi işgärleri hem bu ýygnaklara gatnaşýarlar.
  3. BSG-nyň Baş müdiri we oňa bagly işgärler.

Bulardan başga-da harytlaryň geňeşi, hyzmatlaryň geňeşi we intellektual eýeçilik hukugynyň geňeşi ýaly üç sany möhüm geňeşler bardyr.

Guramada esasanam ösüp gelýän ýurtlaryň sesi ýokary derejede diňlenilýär. HPG-dan we Bütindünýä bankyndan tapawutlylykda, bir ýurdyň diňe bir ses bermek hukugy bardyr. Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş hemişelik agzasynyň weto hukugy bolan BMG-den tapawutlylykda, BSG-nyň hiç bir agzasynyň weto hukugy ýokdyr. BSG-da ösüp gelýän ýurtlar san taýdan artykmaçlyk edýändikleri sebäpli, HPG-da we Bütindünýä bankynda tutýan orunlaryndan has agramly orunlara eýedir.

Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG), GATT-nyň de-fakto institusional gurluşyndan başga-da, dünýä söwdasy taýdan hakyky institusional aýratynlyga eýe bolan ilkinji guramadyr. BSG-nyň esasy wezipesi Urugwaýda geçirilen tegelek stol ýygnaklaryň netijesinde ýüze çykan dürli şertnamalar üçin kanuny we institusional esaslary döretmekdir.

BSG Bütindünýä banky we HPG bilen deň derejede halkara hukuk statusyna eýedir.

BSG-nyň öňünde durýan bäş sany möhüm wezipe bardyr:

  • Ylalaşyklaryň we ylalaşyklar bilen baglanşykly köptaraplaýyn söwda şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini we dolandyrylmagyny üpjün etmek,
  • Agza ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda gepleşik gurşawyny döretmek,
  • Jedelleri çözmek üçin zerur mehanizmleri herekete geçirmek,
  • Söwda syýasatyna syn mehanizmini herekete geçirmek,
  • HPG we Bütindünýä banky bilen global esasda ykdysady syýasatyň döremegine goşant goşmak üçin hyzmatdaşlyk etmek.

BSG-nyň häzirki wagtda 164 agzasy bar bolup, 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-a synçy hökmünde goşulan Türkmenistan 2021-nji ýylyň noýabr aýynda doly agza bolmak üçin gurama ýüz tutdy.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty