Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapar etmegine garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapar etmegine garaşylýar
Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar. (Surat: Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapar amala aşyrmagyna garaşylýar. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Duşanbe şäherinde Milletler Köşgünde geçirilen duşuşygyň barşynda bu barada degip geçdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Täjigistanyň paýtagtyna “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin bardy. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar ýekşenbe güni Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji Sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täjigistanyň Baştutany YHG-na agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň Sammitini geçirmegiň möhümdigini aýdyp, türkmen tarapyna hoşniýetliligi we myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşyp, taraplar ozal gazanylan şertnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana resmi saparyna giňişleýin taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyny bellediler.

Täjigistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy halkara guramalaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we halkara hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda sapar amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol YHG-nyň 15-nji Sammitine gatnaşdy we YHG-na agza döwletleriň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.