Türkmen Lideri Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Oktýabryň 24-ne Aşgabatda duşuşygy (Surat: Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli öz gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewe gutlaglaryny ýollady.

Milli Liderimiz gutlagynda Gazagystanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda we şol sanda syýasatda, ykdysadyýetde hem-de durmuş-ynsanperwer ugurlarynda belent sepgitlere ýetendigini hem-de halkara giňişlikde ynamly öňe gitmegi dowam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki halkyň röwşen geljeginiň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gazagystanyň halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe Gazagystanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022