Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda geçirilen GDA-nyň Sammitine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda geçirilen GDA-nyň Sammitine gatnaşdy
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sişenbe güni Sankt-Peterburgdaky duşuşygy (Surat: Kremlin.ru)

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde sişenbe güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlangyjy boýunça geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň resmi däl duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýygnanyşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň sammitiň jemleri boýunça beren beýanatyna görä, GDA ýurtlarynyň Liderleri gün tertibiniň wajyp meselelerini, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilen şu ýylynyň esasy netijelerini jemlediler.

Şeýle hem, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan bilelikdäki çäreler, bu ugurda GDA döwletleriniň ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň anyk hereketleri hem-de koronawirus ýokanjynyň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek babatynda ýurtlaryň lukmançylyk jemgyýetleriniň arasynda yzygiderli tejribeleri alyşmak boýunça pikirler alyşyldy.

Mundan başga-da, Wladimir Putin Russiýanyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamlaryň abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça Federal gullugynyň ýolbaşçysy Anna Popowany duşuşykda çykyş etmäge we koronawirusa garşy alnyp barylýan işler barada maglumat bermäge çagyrdy.