Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Ahal” ösümlik ýag kärhanasynda geçen ýylyň dowamynda 71 million 400 müň manatlyga barabar önüm öndürildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, kompaniýada ekologik taýdan arassa ösümlik ýagynyň 10 müň 46 tonnadan gowragy öndürilip, ilata ýetirildi.
2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende kärhana boýunça 127,8% ösüş depgini gazanyldy.
Mundan başga-da, geçen döwürde bu ýerde gaýtadan işlenen pagta çigidinden sarunyň, harpygyň hem ençeme tonnasy alyndy.
2010-njy ýylda işe girizilen “Ahal” ösümlik ýag kärhanasy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministirligine degişlidir.