Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji fabrigi geçen ýyl 89 million manatdan gowrak nah ýüplügini öndürdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, Daşoguz pagta egriji fabrigi ýurdumyzda öndürilýän ýüplügi daşary ýurtlara iň köp eksport edýän fabrikleriň biridir.
Fabrikde öndürilýän “Ring” haryt nyşanly nah ýüplügini Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda daşary ýurtly alyjylara ugradylýar. Olaryň hataryna Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň, Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we beýleki ýurtlaryň wekilleri girýär.
Bu ýerde halkalaýyn usulda egrilip, 100% pagta ýüplügi öndürilýär. Kärhana ýylda 16 müň 600 tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işlemäge we ýokary hilli “Ring” kysymly pagta ýüplüginiň 14 müň 500 tonnasyny öndürmäge ukyplydyr.
Daşoguz pagta egriji fabrigi 2020-nji ýylda 63 million manatdan gowrak nah ýüplügini öndürdi.