Türkmenistan geçen 2021-nji ýylda Gruziýa 57,7 müň tonna uçar ýangyjyny eksport etdi. Bu barada Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Report” agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Şol döwürde Türkmenistan Gruziýanyň uçar ýangyjyna bolan isleginiň takmynan 60%-ni üpjün edip, ol kawkaz ýurduna esasy ýangyç iberiji boldy.
Gruziýa geçen 2021-nji ýylda jemi 96 müň 400 tonna uçar ýangyjyny import etdi. Şeýlelikde, önümiň importy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 70,9% ýokarlandy.
Azerbaýjan Gruziýanyň ikinji iri uçar ýangyjy bilen üpjün edijisi bolup,ol degişli döwürde bu ýangyjyň 12 müň tonnasyny iberdi.
Şeýle hem, Türkmenistan benzin we dizel ýangyjy bilen Gruziýanyň öňdebaryjy üpjün edijisidir. Geçen ýyl Gruziýa Türkmenistandan 244 müň 601 tonna benzin we dizel ýangyjyny import etdi. Bu görkeziji Gruziýanyň benzin we dizel ýangyjynyň importynyň umumy möçberiniň 23%-ni düzdi.