“Ak gaýa” 22,4 müň tonnadan gowrak gurluşyk garyndysyny öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak gaýa” 22,4 müň tonnadan gowrak gurluşyk garyndysyny öndürdi
Kompaniýa Azerbaýjan, Täjigistan, Russiýa ýaly daşary ýurtlaryň birnäçesine öz önümlerini eksport edýär.

“Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti geçen 2021-nji ýyl boýunça Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän zawodynda gurluşyk garyndynyň 22 müň 400 tonnadan gowragyny öndürdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

“Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Balkan welaýatynda gurluşyk serişdelerini we gipsokartony öndürýän zawodyny açypdy.

Şunuň bilen baglylykda, geçen 2021-nji ýylda kompaniýa boýunça gipsokartonyň 377 müň 951 inedördül metri öndürildi.

Önümçilikde çig mal hökmünde kärhananyň golaýynda ýerleşýän känden gazylyp alynýan kalsit ulanylýar. Kärhana Türkiýe Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň döwrebap enjamlary bilen ornaşdyrylyp, onuň ýyllyk kuwwaty 8 million inedördül metr gipsokarton, 78 müň tonna gurluşyk gury garyndy önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda kärhanada 50-ä golaý hünärmen zähmet çekýär. Kompaniýa Azerbaýjan, Täjigistan, Russiýa ýaly ýurtlaryň birnäçesine öz önümlerini eksport edýär.

2022