“Abraýly dostlar” multifilament ýüplügi Türkiýä eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Abraýly dostlar” multifilament ýüplügi Türkiýä eksport edýär
“Polyyarn” haryt nyşany bilen öndürilýän ýüplükler diňe bir içerki bazarda däl-de, eýsem, dünýä bazarynda hem uly islegden peýdalanýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Abraýly dostlar” hususy kärhanasy golaýda dürli görnüşli we reňkli multifilament ýüplükleriň 44 tonnasyny Türkiýe Respublikasyna eksport etdi.

Önümçilik üçin gerekli çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, polipropilen multifilament ýüplükleri dürli görnüşli torlary örmekde, üýşme tanaplardyr düşekleri dokamakda, polipropilen haltalary tikmekde we beýleki önümçiliklerde giňden peýdalanylýar.

“Polyyarn” haryt nyşany bilen öndürilýän ýüplükler diňe bir içerki bazarda däl-de, eýsem, dünýä bazarynda hem uly islegden peýdalanýar. Bu önümler daşary ýurtlaryň birnäçesine, ýagny Özbegistana, Russiýa, Italiýa eksport edilýär.

Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, ýylda 1 müň 400 tonna ýüplük öndürmäge mümkinçilik berýär.

“Abraýly dostlar” hususy kärhanasy 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda polipropilen multifilament ýüplükleriň önümçiligini ýola goýdy. Kompaniýa geljekde önümleriň eksportyny we öndürijilik kuwwatyny artdyrmagy meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022