“Ýüpek ýoly gurluşyk” Daşoguzda 71 gektarda ýaşaýyş jaý toplumyny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýüpek ýoly gurluşyk” Daşoguzda 71 gektarda ýaşaýyş jaý toplumyny gurar
Täze toplum birnäçe ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn gurlar.

“Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda 71 gektar meýdanda täze ýaşaýyş jaýlar we dürli maksatly desgalar toplumynyň gurluşygyny alyp barar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, täze toplum birnäçe ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn gurlar. Onuň düzüminde rahat öýe niýetlenen köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy, häzirki zaman saglyk merkezi, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk orta mekdep, hyzmatlar öýi we beýlekiler bolar.

Iri ýaşaýyş toplumyny abadanlaşdyrmak üçin, inženerçilik torlarynyň ähli zerur görnüşleri, şol sanda suw, ýylylyk we elektrik bilen üpjün edijiler, lagym ulgamy we beýlekiler gurlar.

Bellenilişi ýaly, täze topluma iki sany lagym suw sorujy beket, täze elektrik beket hyzmat eder. Jemi 30 sany transformator, şol sanda modully transformator hem gurlar. Bu bolsa kiçi meýdanda ulgama has köp ulanyjynyň birleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Köçe yşyklandyryş ulgamyny gurmak üçin 446 sütün dikmek meýilleşdirilýär.

Daşoguz welaýaty Türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär. Onuň merkezi şäheri hem Daşoguzdyr.

2022