“Mähriban obam” 6 milliona golaý keramiki kerpiç öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Mähriban obam” 6 milliona golaý keramiki kerpiç öndürdi
Kompaniýada Hytaýyň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ýokary hilli keramiki kerpiçleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Mähriban obam” hususy kärhanasy geçen 2021-nji ýylda 6 milliona golaý keramiki kerpiç öndürdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilmegine görä, kompaniýa boýunça geçen ýyl 1 milliona golaý asbestsement üçek örtükleri öndürildi. Şeýle-de kärhanada polipropilenden we polietilenden lagym turbalarynyň 130 tonnasy öndürildi.

Kompaniýa 2019-njy ýyldan bäri jaýlaryň içki bezegleri üçin poliwinilhloridden asma potoloklaryň önümçiligini hem alyp barýar. Şeýle-de bu ýerde Hytaýyň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy aýda 10 müň inedördül metre golaý asma potoloklary öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ýaňy-ýakynda “Mähriban obam” hususy kärhanasynda sebet öndürýän täze bölüm işläp başlady. Onuň aýda 43 müň 200 sany sebet öndürmäge mümkinçiligi bar. Sebet önümçiligini alyp barmagyň esasy maksady kärhananyň ýyladyşhanasynda ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlary, şeýle hem gök we bakja önümlerini, miweleri ýerleşdirmekden ybaratdyr.

Kompaniýa 2012-nji ýylda esaslandyryldy. Kärhana geljekde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegi, oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegi, önümçiligiň gerimini giňeltmegi maksat edinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022