Türkmen işewürleri kremniniň karbidiniň önümçiligi boýunça işleri alyp barýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen işewürleri kremniniň karbidiniň önümçiligi boýunça işleri alyp barýarlar
Kremniniň karbidi ýokary derejede gaýtadan dikeldiş häsiýetleriniň bolmagy netijesinde, metallurgiýa senagatynda giňden ulanylýar.

“Ülke” hususy kärhanasynyň hünärmenleri sintetiki önümi – kremniniň karbidini almak boýunça täsin synag işlerini tamamladylar. Sintezi geçirmek üçin telekeçileriň öň taýýarlan emeli grafiti hem-de ýerli känleriň kwars çägesi ulanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň direktory Andreý Kurbatowyň resmi metbugata beren beýanatyna görä, taslamany düzüjilere synag işlerini geçirmegi taýýarlamak üçin köpýyllyk nazary taýýarlyk we dört ýyldan gowrak wagty öz içine alan ýerine ýetirilmeli anyk işler gerek boldy. Köpsanly barlaglaryň baş maksady synag etmek arkaly ýerli çig maldan kristal karbidi almakdan ybarat boldy. Bu maksat bilen, “Ülke” hususy kärhanasynyň önümçilik binýadynda ýörite enjamlar jemlenilip, şolarda iki müňden gowrak dereje gyzgynlykda kremniý karbidiniň kristallarynyň synag geçirmäge niýetlenilen tapgyryny almak başartdy.

“Ülke” kompaniýasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň tebigy serişdelere baýdygyny nazara tutup, tehniki-täjirçilik tekliplerini taýýarladylar. Ol teklip ýurdumyzyň kremniniň emeli karbidiniň eksport ugurly önümçiligini döretmegiň mümkinçiligini esaslandyrýar.

Habarda bellenilişi ýaly, kremniniň emeli karbidiniň häzirki döwürde ulanylyşy we onuň esasynda taýýarlanylýan önümler köpdürlidir. Kremniniň karbidi ýokary derejede gaýtadan dikeldiş häsiýetleriniň bolmagy netijesinde, metallurgiýa senagatynda giňden ulanylýar.

Kremniniň karbidi stomatologiýada iň gerekli serişdeleriň biri hökmünde ulanylýar. Kremniý karbidiniň ýarymgeçirijilerde hem-de ýokary ýylylyk geçirijiligi elektronikada ony kuwwatly enjamlar, şol sanda güýçli diodýagtyjy enjamlaryň döredilmegi üçin geljegi uly önüm edýär.

2022