Türkmenistanda ýeralma ekişine başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýeralma ekişine başlandy
Şu ýyl ýurt boýunça ekerançylyk meýdanlarynyň 30 müň gektarynda ýazlyk ýeralma ekiler.

Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary ýazlyk ýeralma ekişine başladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Şu ýyl ýurt boýunça ekerançylyk meýdanlarynyň 30 müň gektarynda ýazlyk ýeralma ekiler.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl ýeralmanyň önümçiliginde häzirki zaman oba hojalyk enjamlary, şol sanda suw serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýän pürküjileri we ýeralma ekijileri ulanylýar.

Ýazlyk ýeralma hasylynyň tomsuň başynda ýygnalmagyna garaşylýar.

Şu ýyl Türkmenistanda 106 müň gektar meýdanda ýeralma hem-de beýleki gök we bakja ekinlerini ekmek meýilleşdirilýär.

2022