“Sada” haryt nyşanly aýakgaplar Russiýa eksport edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sada” haryt nyşanly aýakgaplar Russiýa eksport edildi
Kärhananyň kuwwaty aýda 140 müň jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň Mary welaýatynda ýerleşýän “Sada dostluk” hususy kärhanasy ýaňy-ýakynda “Sada” haryt nyşanly aýakgap önümlerini, şol sanda galoşlary, ädikleri we aýal-gyzlar üçin niýetlenen şypbyklary Russiýa eksport etdi.

“Sada dostluk” kompaniýasynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine anna güni beren beýanatyna görä, kompaniýada 30-dan gowrak gündelik we ýörite maksatly çagalar, ýetginjekler, gelin-gyzlar, erkek adamlar üçin dürli ölçegdäki hem-de reňkdäki her möwsüme görä aýakgaplar öndürilýär. Çig mal hökmünde poliwinilhlorid (PWH), etilenwinilasetat (EWA) we poliuretan (PU) ulanylýar.

Kompaniýa 2021-nji ýylyň oktýabrynda “Sada” haryt nyşanly aýakgap önümlerini, şol sanda galoşlary we ädikleri Gruziýa eksport edipdi.

Kärhananyň kuwwaty aýda 140 müň jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçilik berýär.

“Sada dostluk” hususy kärhanasy 2013-nji ýylda esaslandyrylyp, 2018-nji ýyldan bäri aýakgap önümçiligini alyp barýar. Geljekde hem hususy kärhana aýakgaplaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu babatda “Sada” haryt nyşanly mekdep okuwçylary üçin PWH-den täze aýakgap görnüşini, şeýle-de “Daban” haryt nyşanly zenanlar we erkekler üçin EWA-dan sport aýakgaplaryny öndürmek göz öňünde tutulýar.

2022