Prezident saýlawlaryna täze dalaşgärler hödürlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Prezident saýlawlaryna täze dalaşgärler hödürlenildi
Raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenilende, ol saýlawçylaryň azyndan 10 müňüsiniň goly bilen gollanylmalydyr.

Ahal we Mary welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlary şenbe güni şu ýylyň 12-nji martynda möhletinden öň geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine öz dalaşgärlerini hödürlediler.

Ahal welaýatynyň raýatlarynyň topary Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

M.Öwezgeldiýew 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda intern lukmany wezipesinde işe başlady hem-de 2008-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli welaýatyň etraplarynda bu düzümiň dürli ýolbaşçy wezipelerinde işledi. 2018-nji ýylyň fewralyndan bäri bolsa Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesini eýeläp gelýär.

Mary welaýatynyň raýatlarynyň topary Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi Türkmenistanyň Prezident wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

K.Saryýew 1999-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlap, inžener-mehanik hünärini ele aldy hem-de “Maryazot” önümçilik birleşiginde zähmet ýoluna başlady. 2001-nji ýylda Mary welaýatynyň maşyngurluşyk zawodynda inžener-tehnolog, inžener-metalist wezipelerinde hem-de 2002-nji ýylyň oktýabryndan başlap, Döwlet energetika institutynda dürli wezipelerde işledi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri raýatlar topary tarapyndan hödürlemegiň Tertibini kesgitleýän Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, dalaşgär saýlawçylaryň azyndan 10 müňüsiniň goly bilen gollanylmalydyr.

Türkmenistanda geçen duşenbe güni Prezident saýlawlary möwsümi başlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022