Türkmen-tatar iş toparyndan iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça tekliplere garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-tatar iş toparyndan iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça tekliplere garaşylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Baştutany bilelikdäki türkmen-tatar iş toparyndan özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk tekliplere garaşýandygyny beýan etdi.

Söhbetdeşler taraplaryň ençeme ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary ilerletmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bolsa dürli ulgamlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça itergi berjekdigi bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň bellemegine görä, Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Baştutanyna hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy we bilelikdäki taslamalara goldaw berýändigi üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

Mundan başga-da, taraplar KAMAZ, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetleri, “KER-Holding”, Kazan dikuçar zawody ýaly Tatarystanyň kärhanalarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de tatar-türkmen ykdysady we medeni gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow 2021-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda KAMAZ elektrik awtobuslaryň Türkmenistana iberilmegini ara alyp maslahatlaşypdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022