“Günaý” haryt nyşanly maýonezleriň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Günaý” haryt nyşanly maýonezleriň önümçiligi ýola goýuldy
Kompaniýanyň önümhanasynyň sagatda 2 tonna maýonez öndürmäge mümkinçiligi bar.

Günebakar ýagynyň önümçiligini alyp barýan “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýeti ýaňy-ýakynda “Günaý” haryt nyşanly maýonezleriň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Önümler 200, 400 we 800 gramlyk gaplara gaplanylyp, olar dürli ýaglylykda öndürilýär. Kompaniýanyň önümhanasynyň sagatda 2 tonna maýonez öndürmäge mümkinçiligi bar. Ýakyn geljekde bu önümler ýurduň söwda nokatlarynda alyjylara hödürleniler.

2019-njy ýylda ösümlik ýagynyň önümçiligini ýola goýan kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 18 müň tonna çigidi gaýtadan işlemäge ukyplydyr.

Şeýle-de bu ýerde öndürilýän ösümlik ýagy “Günaý” haryt nyşany bilen 1 we 5 litrlik gaplara gaplanylýar. Hojalyk jemgyýetine 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginden oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek üçin 6 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde ekin dolanyşygy esasynda 900 gektarda günebakar çigidini, 2 müň 550 gektarda bugdaý hem-de hersi 850 gektar bolan meýdanda soýa, raps we künji ekmek göz öňünde tutulýar.

2022