“Altyn Ýunus” şokolad önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn Ýunus” şokolad önümçiligini ýola goýdy
Kompaniýanyň “Springa” haryt nyşanly arahisly we süýji karamelli täze öndürýän önümi Belgiýanyň süýtli şokolady bilen örtülýär.

Konditer önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan “Altyn Ýunus” hususy kärhanasy ýaňy-ýakynda şokolad önümçiligine başlady. Bu önümler içerki bazarlarda eýýäm satylyp başlandy.

Kompaniýanyň “Springa” haryt nyşanly arahisly we süýji karamelli täze öndürýän önümi Belgiýanyň süýtli şokolady bilen örtülýär. Täze önümiň ýola goýlandygy barada “Altyn Ýunus” kärhanasy öz sosial torlarynda çarşenbe güni mälim etdi.  

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda kompaniýanyň başga önümleri Azerbaýjana, Täjigistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Russiýa we Yraga eksport edilýär.

Mundan başga-da, “Altyn Ýunus” birnäçe daşary ýurtly öndürijileriň distrubýutory bolup durýar. Bu ugurda ýörite taýýarlanan topar işleýär we daşary ýurtlardan getirilýän konditer önümleri bilen ýurdumyzyň ähli künjegindäki söwda nokatlaryny üpjün edýärler.

“Altyn Ýunus” hususy kärhanasy 10 ýyldan bäri türkmen bazarynda iş alyp barýar. Häzirki wagtda kärhanada 150-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Geljekde kärhana Ýewropa, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna konditer önümlerini eksport etmegi maksat edinýär.

2022