Açyk we ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň tapawutlary näme?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Açyk we ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň tapawutlary näme?
Açyk jemgyýetiň paýdarlarynyň sany çäklendirilen däldir.

“Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, paýdarlar jemgyýeti (mundan beýläk jemgyýet) paýdarlar jemgyýetine gatnaşyjylaryň paýdarlar jemgyýeti babatdaky hökmanylyk hukuklaryny tassyklaýan, paýnamalaryň belli bir sanyna bölünen, fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki şahslaryň goýumlarynyň esaslyk maýasyna birleşen kärhanasydyr.

Jemgyýet açyk ýa-da ýapyk bolup biler, bu onuň esaslandyryş resminamasynda görkezilýär.

Açyk jemgyýet öz çykarýan paýnamalaryna açyk ýazylyşyk, geçirmäge we ýokarda agzalan Kanunyň hem-de Türkmenistanyň gaýry hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda olary erkin satmaga haklydyr. Açyk jemgyýetiň paýdarlary bu jemgyýetiň beýleki paýdarlarynyň razylygy bolmazdan özlerine degişli paýnamalary aýrybaşgalap bilerler.

Açyk jemgyýet öz çykarýan paýnamalaryna, eger bu jemgyýetiň tertipnamasynda göz önünde tutulan bolsa, ýapyk ýazylyşyk geçirmäge haklydyr.

Paýnamalary diňe ony esaslandyryjylaryň ýa-da öňünden kesgitlenen gaýry adamlar toparynyň arasynda paýlanylýan jemgyýet ýapyk jemgyýetdir. Şeýle jemgyýetiň öz çykarýan paýnamalaryna açyk ýazylyşyk geçirmäge haky ýokdur.

Ýapyk jemgyýetiň paýdarlary jemgyýetiň ýa-da bu jemgyýetiň beýleki paýdarlarynyň satýan paýnamalaryny edinmekde artykmaç hukuga eýedirler.

Açyk jemgyýetiň paýdarlarynyň sany çäklendirilen däldir. Ýapyk jemgyýetiň paýdarlarynyň sany elliden ýokary geçip bilmez. Jemgyýet ýeke-täk esaslandyryjy (paýdar) hökmünde bir şahsdan durýan başga kärhanany edinip bilmez.

Çeşme: “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022