“Muhammet-Balkan”aýakgap önümçiligini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Muhammet-Balkan”aýakgap önümçiligini giňeldýär
Kärhana önümçiliginde çig mal hökmünde tebigy gön ulanýar.

“Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti şu ýyl “Meňli” haryt nyşanly zenan aýakgaplarynyň 12 sany täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, kärhana önümçiliginde çig mal hökmünde tebigy gön ulanýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhananyň önümçilik sehlerinde bir gije-gündiziň dowamynda 300 jübüt aýakgap öndürilýär. Kompaniýanyň önümleri ýurduň dürli künjeklerindäki söwda nokatlaryna “MB” hem-de “Meňli” haryt nyşany bilen üpjün edilýär.

Mundan başga-da, bu ýerde zenanlar üçin dürli ölçegli, dürli reňkli we bezegli torbalar we gapjyklar hem öndürilýär. Inçe tebigy gönden öndürilen torbalar gündelik ulanmak üçin amatladyr.

“Muhammet-Balkan” kompaniýasynyň önümlerine diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem isleg bildirilýär. Kompaniýanyň “MB SHOES” aýakgaplary Russiýa eksport edilýär. Şeýle hem “Muhammet-Balkan” HJ öndürýän tebigy derisiniň Italiýa eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

2022