“Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, paýdarlar jemgyýeti (mundan beýläk jemgyýet) paýdarlar jemgyýetine gatnaşyjylaryň paýdarlar jemgyýeti babatdaky hökmanylyk hukuklaryny tassyklaýan, paýnamalaryň belli bir sanyna bölünen, fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki şahslaryň goýumlarynyň esaslyk maýasyna birleşen kärhanasydyr.
Jemgyýetiň gündelik alyp barýan işine ýolbaşçylygy (dolandyryşy) onuň, ýerine ýetiriji kollegial (müdiriýet, ýolbaşçylygy) ýa-da özbaşdak (müdiriýetiň başlygy, baş direktor) edara amala aşyrýar.
Jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan onuň gündelik alyp barýan işine ýolbaşçylyk (dolandyrmak) işi bir wagtyň özünde müdiriýetiň (ýolbaşçylygyň) we baş direktoryň (müdiriýetiň başlygynyň) üstüne ýüklenilip bilner.
Eger jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan onuň gündelik alyp barýan işine ýolbaşçylyk etmek bir wagtyň özünde kollegial hem-de özbaşdak ýerine ýetiriji edaranyň üstüne ýüklenilýän bolsa, onda jemgyýetiň tertipnamasynda şol edaralaryň her biriniň ygtyýarlyklary kesgitlenilmelidir. Şunlukda, özbaşdak ýerine ýetiriji edaranyň wezipesini amala aşyrýan adam jemgyýetiň kollegial ýerine ýetiriji edarasynyň başlygynyň wezipesini hem berjaý edýär we onuň agzasy bolýar.
Paýdarlaryň umumy ýygnagynyň kabul eden karary boýunça ýerine ýetiriji edaranyň ygtyýarlyklary täjirçilik guramasyna, (guramanyň dolandyryjysyna) ýa-da ýekebara (hususy) telekeçä (dolandyryja) şertnama boýunça berlip bilner.
Jemgyýetiň ýerine ýetiriji edarasynyň ygtyýarlyklaryna paýdarlaryň umumy ýygnagynyň ýa-da jemgyýetiň Geňeşiniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen meselelerden başga, jemgyýetiň gündelik alyp barýan işleriniň ähli meselelerini çözmek degişlidir. Jemgyýetiň Geňeşiniň we jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň ygtyýarlyklarynyň bir bölegini jemgyýetiň ýerine ýetiriji edarasynyň ygtyýaryna bermäge paýdarlaryň umumy ýygnagynyň haky bardyr.
Jemgyýetiň özbaşdak ýerine ýetiriji edarasynyň kollegial ýerine ýetiriji edarasynyň agzalarynyň, dolandyrýan guramanyň ýa-da dolandyryjynyň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygyna, jemgyýetiň tertipnamasy we jemgyýetiň olaryň her biri bilen baglaşan şertnamasy tarapyndan kesgitlenilýär.
Jemgyýetiň ýerine ýetiriji edaralaryny döretmek we olaryň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak işleri, eger bu wezipe jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan jemgyýetiň Geňeşiniň ygtyýarlyklaryna degişli edilmedik bolsa, paýdarlaryň umumy ýygnagynyň kabul eden karary boýunça amala aşyrylýar.
Baş direktor jemgyýetiň bähbitlerini göz öňünde tutýar, jemgyýetiň adyndan geleşikleri berjaý edýär, ştatlary tassyklaýar, buýruklary çykarýar we jemgyýetiň ähli işgärleriniň ýerine ýetirmegi hökmany bolan görkezmeleri berýär.
Baş direktoryň jemgyýetiň müdiriýetiniň agzalarynyň wezipelerini başga guramalaryň dolandyryş edaralaryndaky wezipeler bilen utgaşdyrmaga diňe jemgyýetiň Geňeşiniň ylalaşygy bilen ýol berilýär.
Çeşme: “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny