“Aýna gap” bir ýylda 65 müň banka gaplanan önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Aýna gap” bir ýylda 65 müň banka gaplanan önüm öndürdi
Kärhananyň önümçilik sehleri Russiýanyň enjamlary bilen doly derejede enjamlaşdyrylyp, miwe we gök önümleri gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

“Aýna gap” hususy kärhanasynda geçen ýylda 65 müň sany 3 litrlik şertli banka gaplanan önüm öndürildi. Bu barada “Rysgal” gazeti düşenbe güni habar berdi.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerleşýän kärhananyň önümçilik sehleri Russiýa Federasiýasynyň enjamlary bilen doly derejede enjamlaşdyrylyp, miwe we gök önümleri gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Bu ýerde gök we miwe önümlerinden mürepbe, miwe suwlary, pomidor goýultmasy öndürilýär.

Kärhanada häzirki wagtda 20-den gowrak işgär zähmet çekýär.

Mundan başga-da, hususy kärhanada polipropilenden un haltalary hem öndürilýär. Kärhananyň bu bölümi Hytaý Halk Respublikasynyň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, günde 1 tonna halta öndürmäge ukyplydyr.

2022