“Mary deri-aýakgap” okuwçylar üçin aýakgap önümçiligine badalga berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Mary deri-aýakgap” okuwçylar üçin aýakgap önümçiligine badalga berdi
Bu ýerde taýýarlanylýan ýokary hilli gönlerden tikilýän dürli ölçegdäki okuwçy aýakgaplarynyň eýýäm 24 müňe golaý jübüdi satuwa çykaryldy.

“Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze tikinçilik bölüminde uly we kiçi ýaşly okuwçylar üçin aýakgaplar öndürilip başlanyldy. Bu barada “Maru-Şahu jahan” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde taýýarlanylýan ýokary hilli gönlerden tikilýän dürli ölçegdäki okuwçy aýakgaplarynyň eýýäm 24 müňe golaý jübüdi satuwa çykaryldy. Ýeňil we gelişikli bu köwüşler emeli gaýyşdan tikilen aýakgaplardan özüniň berkligi we ykjamlylygy bilen tapawutlanýar. 

Okuwçy aýakgaplaryndan başga-da, täze tikinçilik bölüminde dürli görnüşli aýakgaplary, şol sanda harby gullukçylar, seýisler we çapyksuwarlar üçin uzyn gonçly ädikleri öndürmek hem ýola goýuldy.

“Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2020-nji ýylda Marynyň öňki gön zawodynyň binýadynda döredildi. 

2022