Türkmen telekeçisi “MMB” haryt nyşanly aýakgap önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi “MMB” haryt nyşanly aýakgap önümçiligini ýola goýdy
«MMB» haryt nyşanly aýakgaplar Russiýa Federasiýasyna, Gruziýa Respublikasyna, Ermenistan Respublikasyna eksport edilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän telekeçi Baýramsähet Meňliýewe degişli önümçilik kärhanasynda “MMB” haryt nyşanly aýakgaplaryň önümçiligi ýola goýuldy.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, geçen ýylyň awgustynda işe girizilen kärhana Italiýanyň we Türkiýäniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. 

Önüm öndürmek üçin gerekli çig mal “Aksuw” hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki iri şahly mallaryň deri önümlerini gaýtadan işläp çykarmaga ýöriteleşdirilen kärhanasyndan alynýar. 

Kärhana doly güýjünde işledilende, aýda 5 müň jübüt aýakgap öndürmäge ukyply. Bu ýerde häzirki wagtda erkek adamlar we çagalar üçin niýetlenen, her pasla görä aýakgaplaryň dürli görnüşleri öndürilýär.

Kärhananyň önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. «MMB» haryt nyşanly aýakgaplar Russiýa Federasiýasyna, Gruziýa Respublikasyna, Ermenistan Respublikasyna eksport edilýär. Kärhana geljekde önümleriň görnüşlerini giňeltmegi, zenanlar üçin niýetlenen aýakgaplary öndürmegi maksat edinýär.

2022