Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 14-ýyllygy mynasybetli sergi gurnalar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 14-ýyllygy mynasybetli sergi gurnalar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlete dahylsyz ulgamyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 200-den gowragy Birleşmäniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergide geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezer. Sergi 12-13-nji aprelde geçiriler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, penşenbe güni wise-premýer Çary Gylyjow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere, şol sanda sergä görülýän taýýarlyk barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Ç.Gylyjow sergi bilen ugurdaşlykda maslahat geçiriljekdigini habar berdi. Maslahatda türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri we täze wezipeleri, hususan-da, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy ulgamy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlete dahylsyz ulgamyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýändigini nygtady.

Nobatdaky gözden geçiriliş gazanylan üstünlikleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hususy kärhanalaryň önümlerini we hyzmatlaryny dünýä bazarlarynda ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýän toplumlaýyn çärä öwrülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň işini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilen ýagdaýynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmekde we onuň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde oňaýly şertleriň dörediljekdigini aýdyp, çäreleriň meýilnamasyny makullady hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinidir maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi jemgyýetçilik guramasy bolup, onuň esasy iş wezipesi Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamakdan, ýurduň milli ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň ösdürilmegine ýardam bermekden, şeýle hem döwrebap telekeçilik infrastrukturasyny gurnamakdan ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022