Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri çarşenbe güni Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi internet sahypasynda habar berlişi ýaly, duşuşyk Gümrük işiniň meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek hakynda iki ýurdyň gümrük edaralarynyň arasynda baglaşylan Ylalaşygyň çäginde geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady Azerbaýjanyň deňiz portlarynda ulanylýan sanly gümrük tehnologiýalarynyň hem-de bu döwletiň gümrük edaralarynda ornaşdyrylan "Bir penjire" ulgamynyň işi boýunça tejribe alyşmakdan ybaratdyr.
Duşuşygyň dowamynda azerbaýjanly wekiller ýurduň gümrük ulgamynda amala aşyrylan özgertmeler, maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy, elektron hyzmatlar, maglumat alyş-çalşygy babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar.
Hususan-da, Azerbaýjanyň gümrük edaralarynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän "Ýaşyl geçelge", "Elektron penjire" we beýleki taslamalar barada maglumatlar berildi.
Türkmen tarapyndan duşuşyga ýurdumyzda durmuşa geçirilýän “Eksport import amallary üçin bir penjire” taslamasyna gatnaşýan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.