Türkmen wekiliýeti UNECE-niň sebitleýin forumyna gatnaşdy

BiZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti UNECE-niň sebitleýin forumyna gatnaşdy
Ministr Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň wekiliýeti Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygynda çarşenbe güni badalga berlen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin Forumynyň işine sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, forumyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň gün tertibiniň UNECE sebitinde ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

Ministr Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi we şu ýylyň başynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän uzakmöhletleýin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigi barada belläp geçdi.

M.Serdarowyň aýtmagyna görä, global pandemiýanyň ýüze çykan pursatyndan başlap, ýurdumyzyň Hökümeti global pandemiýanyň ykdysadyýetiň önümçilik sektorlaryna ýetirip biljek degişli täsirini peseltmek, iş ýerlerini saklap galmak we döwletimiziň raýatlaryny goramak boýunça işjeň çäreler görüldi.

Forum öz işini aprel aýynyň 7-ne çenli dowam eder.

Ýewropanyň ykdysady komissiýasy 1947-nji ýylda BMG-niň Ykdysady-durmuş geňeşi tarapyndan döredilip, onuň agzalygyna 56 döwlet girýär. Onuň baş wezipesi Ýewropanyň ykdysady integrasiýasyna ýardam bermek bolup durýar

2022