“Gerçek” haryt nyşanly okuwçy torbalarynyň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gerçek” haryt nyşanly okuwçy torbalarynyň önümçiligi ýola goýuldy
Kärhana “Gerçek” haryt nyşanly aýakgaplaryň önümçiligini 2015-nji ýyldan bäri alyp barýar.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän telekeçi Aýhan Rejepowanyň eýeçiligindäki hususy kärhanada şu ýylyň başynda mekdep okuwçylary üçin “Gerçek“ haryt nyşanly torbalaryň önümçiligi ýola goýuldy.

Şeýle hem, kärhanada sport aýakgaplarynyň täze görnüşleri hem-de çagalar üçin ýarymçepekler öndürilýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda kompaniýanyň önümçilik bölümleriniň ýylda 20 milliona golaý jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde öndürilýän aýakgaplar dürli görnüşli bolup, öz berkligi we ykjamlygy bilen tapawutlanýar.

Kärhana “Gerçek” haryt nyşanly aýakgaplaryň önümçiligini 2015-nji ýyldan bäri alyp barýar.

2022