Miwe şirelerini we süýt önümlerini öndürmekde öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan “Parahat” hususy kärhanasy “Ýeserje” haryt nyşany bilen täze pisseli şokolad pastasynyň önümçiligini ýola goýdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sişenbe güni öz işine başlan sergide kärhananyň marketing boýunça direktory Jennet Hojamyradowanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatlaryna göra, täze önüm ekologiýa taýdan arassalygy, tebigylygy bilen tapawutlanýar. Önüme hiç hili himiki reňk we ys berijiler goşulmaýar. Taýýar önümler 350 gramlyk çüýşe gaplara gaplanylýar.
J. Hojamyradowanyň bellemegine görä, kärhanada Italiýanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr. Öz işine şöhlat önümçiligi bilen başlaýan kärhana geçen ýyllarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, maýa goýumlary çekmegi, olaryň ösen tejribelerini önümçiligine ornaşdyrmagy başardy.
Kompaniýa geljekde önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagy, önümleriň görnüşlerini giňeltmegi we olaryň goňşy bazarlara eksportyny artdyrmagy maksat edinýär.
Kompaniýa “Eçil” we “Joş” miwe şireleriniň, “Özi” gazlandyrylan alkogolsyz içgileriniň, “Süýtli Dere” süýt önümleriniň, “Han Çaý” sowuk çaýlarynyň we “Ýeserje” çaga püreleriniň, “Han şöhlat” şöhlat önümleriniň öndürijisi hökmünde ýurdumyzda giňden tanalýar. Olar Russiýa, Gyrgyz Respublikasyna we Ýewropa döwletlerine, şeýle-hem goňşy ýurtlara eksport edilýär.
1993-nji ýylda döredilen “Parahat” hususy kärhanasynyň ISO 22000:2005 halkara güwänamasy, abraýly sylaglarynyň hatarynda “Altyn güýz” Bütinrussiýa obasenagat sergisiniň altyn medaly hem bar.
Şeýle hem, kompaniýa 2012-nji ýylda iýmit önümlerini gaýtadan işlemekde, gaplamakda we gaplaýjy enjamlary öndürmekde Şweýsariýanyň meşhur “Tetra Pak” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.