Türkmenistanda telekeçileriň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyna badalga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda telekeçileriň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyna badalga berler
TSTB-ne degişli ýokary okuw mekdepde ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenler taýýarlanylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyna Aşgabat şäherinde şu ýylyň aprel aýynda badalga berler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Täze ýokary okuw mekdepde ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenler taýýarlanylar.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna TSTB-ne degişli ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy.

Täze ýokary okuw mekdebiniň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýar.

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi jemgyýetçilik guramasy bolup, onuň esasy iş wezipesi Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamakdan, ýurduň milli ykdyýadyýetiniň hususy sektorynyň ösdürilmegine ýardam bermekden, şeýle hem döwrebap telekeçilik infrastrukturasyny gurnamakdan ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022