“Nurly meýdan” daýhan hojalygynda 1 milliondan gowrak jüýje ýetişdirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nurly meýdan” daýhan hojalygynda 1 milliondan gowrak jüýje ýetişdirildi
Şeýle hem, daýhan hojalygynda üç aýyň dowamynda 2 million 716 müň 249 sany ýumurtga, 681 tonna towuk eti hem-de 2 müň 379 tonna towuk iými öndürildi.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäklerinde ýerleşýän “Nurly meýdan” daýhan hojalygynda şu ýylyň ýanwar-mart aralygynda 1 million 115 müň 631 sany broýler jüýje ýetişdirildi.

Şeýle hem, daýhan hojalygynda üç aýyň dowamynda 2 million 716 müň 249 sany ýumurtga, 681 tonna towuk eti hem-de 2 müň 379 tonna towuk iými öndürildi.

“Watan” habarlar gullugynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, “Nurly meydan” daýhan hojalygy ýurdumyzda ilkinji bolup inkubasiýa guşçulyk boýunça taslamany durmuşa geçirdi.

Daýhan hojalygyň toplumy awtomatlaşdyrylan inkubator desgasyndan, ýyllyk 3 million broýler towuklaryny çykarmaga ukyply onlarça ketek, külke görnüşli iým öndürýän zawoddan ybaratdyr.

2013-nji ýylda döredilen daýhan hojalygynyň eýeleýän meýdanynyň umumy möçberi 393 gektar bolup, onuň 343,7 gektaryna ot-iýmlik ekinleri ekilýär. Galan 50 gektar meýdanda önümçilik desgalary ýerleşýär.

2022