Ýurdumyzda raps ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy

BUSINESS TÜRKMENISTAN
Ýurdumyzda raps ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy
Raps ýagy özüniň hil derejesi boýunça künji ýagy we zeýtun ýagy ýaly ýokumlydyr.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda ýerleşýän “Sekiz bag” daýhan hojalygy raps ýagynyň önümçiligini ýola goýdy. Täze önüm ýakyn wagtda ýurdumyzyň söwda nokatlaryny üpjün eder.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli serginiň dowamynda daýhan hojalygyň agzasy Süleýman Daňatarowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatlaryna görä, raps ýagy özüniň hil derejesi boýunça künji ýagy we zeýtun ýagy ýaly ýokumly bolup, ol düzümindäki witaminler bilen günebakar we pagta ýagyndan has peýdaly hasaplanýar.

Daňatarowyň aýtmagyna görä, geçen ýylyň dowamynda Hytaýyň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada 30 müň litr ösümlik ýagy öndürildi.

Şu ýylyň dowamynda daýhan hojalygy önümçiliginiň hem-de ýurdumyzda raps ösümliginiň ýetişdirilmeginiň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, kärhana ýakyn geljekde täze önümiň daşary ýurtlara eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Raps ösümligi Amerikada we Kanadada, şeýle hem Ýewropa ýurtlarynda giňden ekilýän ösümlikdir.

2022