Çölleriň ekoulgamdaky ähmiýeti

Nurmyrat Mommaýew
Çölleriň ekoulgamdaky ähmiýeti
Sahara çölünden her ýyl ortaça 182 million tonna tozan bölejigi atmosfera göterilýär.

Çöl adatça ýyllyk ýagýan ýagyş mukdary 250 mm-den az bolan ýerler üçin ulanylýan geografiki adalgadyr. Çöldäki çägelerde organiki maddalaryň mukdary az bolsa-da, olaryň düzümi beýleki minerallara baýdyr. Bu minerallar dünýäde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin zerurdygyny subut etdi. Esasanam, daşky gurşaw göz öňünde tutulanda çöldäki tozan bölejikleriniň ekoulgama uly peýdasy bardyr. Çöldäki tozan bölejikleriniň düzümindäki demir oksalat maddasy ýagyş bilen goşulşan halatynda, topraga azot bilen deň derejede täsir edýär. 

Tozan bölejikleri deňiz jandarlary üçin hem peýdalydyr. Deňizdäki mikroorganizmler, ilki bilen oňurgasyz plankton organizmleri, iýmit zerurlyklarynyň belli bir bölegini çöldäki tozan bölejikleri bilen gelýän minerallar arkaly kanagatlandyrýarlar. Iýmit zynjyrynyň plankton organizmlerden başlamagy netijesinde, bu ýagdaý balyklaryň iýmitlenmegine hem oňaýly täsir edýär. Plankton azyk zynjyry üçin möhümdir, sebäbi ownuk balyklar plankton bilen, uly balyklar bolsa ownuk balyklar bilen iýmitlenýärler. Şeýlelikde, iýmit zynjyry çölden göterilýän tozan bölejikleriniň düzümindäki minerallaryň kömegi bilen dowam edýär. Gysgaça aýdylanda, çöl tozanjyklarynyň deňiz ekoulgamy üçin ähmiýeti uludyr.

Amerikan Milli Awiasiýa we Kosmos Dolandyryşy (NASA) tarapyndan 2015-nji ýylda neşir edilen makalada bellenilşi ýaly, Sahara çölünden ýokary göterilýän tozanjyklar dünýäniň kislorod merkezi diýlip atlandyrylýan Amazon tokaýlygy üçin möhüm ähmiýete eýedir. NASA tarapyndan atmosferadaky bulutlary we bölejikleri seljermek üçin orbita iberlen CALIPSO atly emeli hemra täsin açyş etdi. 2006-njy ýyldan bäri dünýäni synlaýan hemra, Sahara çölünden her ýyl ortaça 182 million tonna tozan bölejikleriniň atmosfera göterilýändigini anyklady. Şoňa laýyklykda, 27,7 million tonna tozan bölejigi şemalyň kömegi bilen Amazon tokaýlygyna baryp ýetýär. Makalada 5 müň kilometrlik ara daşlykda ýerleşýän Sahara çölinden ýokary göterilýän tozanjyklaryň Amazon tokaýlary üçin möhüm ähmiýete eýedigi bellenilýär. Çöl tozanjyklarynyň düzümindäki fosfor mineraly Amazon tokaýlygyndaky agaçlar we ösümlikler üçin tebigy dökün bolup durýar.

Ýokarda hem bellenilşi ýaly, maglumatlar şemalyň we howanyň kömegi bilen Sahara çölünden her ýyl ortaça ortaça 182 million tonna tozan bölejiginiň atmosfera göterilýändigini mälim edýär. Eger-de bu mukdardaky tozan bölejiklerini yük awtoulaglaryna ýüklemeli bolsady, onda munuň üçin 689 müň 290 sany yük awtoulagy gerek bolardy. Şeýle hem, Amazon tokaýlygyna baryp ýetýän 27,7 million ton tozan bölejiklerini ýüklemek üçin 104 müň 902 sany yük awtoulagy gerek bolardy.

Umuman aýdylanda, Amazon tokaýlygynda ýokumly maddalar we minerallar ýetmezçilik edýär. Sahara çölünden Amazon tokaýlygyna baryp ýetýän tozan bölejikleriniň düzümindäki fosforyň mukdary ýylda 22 müň tonna barabar bolup, ol ýagyş we sil suwlary arkaly ýitirlýän fosforyň mukdaryna golaýlaýar.

Bu täsin açyşlar ýer ýüzündäki ýaşaýşyň dowam etmegi üçin çölleriň möhüm ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, çöldäki çägeler diňe bir aýna senegaty üçin çig mal bolman, eýsem olaryň düzümindäki minerallaryň ekoulgama bolan peýdasy hem uludyr.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022