“Ýiti almaz” haryt nyşanly tüwi toşabynyň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýiti almaz” haryt nyşanly tüwi toşabynyň önümçiligi ýola goýuldy
Täze önüm 700 gramlyk we 1,5 kilogramlyk gaplara gaplanylýar.

Mary welaýatyndan telekeçi Erkin Bäşimow ýaňy-ýakynda “Ýiti almaz” haryt nyşanly tüwi toşabynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy (TSTB) penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, görnüşi boýunça ary balyna çalymdaş bu täze önüm 700 gramlyk we 1,5 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. Önüm öndürilende çig mal hökmünde ýerli tüwi we şeker ulanylýar.

Telekeçiniň gürrüň bermegine görä, 1 tonna tüwi gaýtadan işlenende, onuň 900 kilogramy önüm üçin, galan 100 kilogramy bolsa towuklara iým hökmünde peýdalanyp bolýar. Şeýle usulda alnan iým guşlaryň et we ýumurtga önümliliginiň ýokary bolmagyna ýardam berýär.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda önümçiligi ýola goýlan bu kärhanada 15 hünärmen zähmet çekip, ol Hytaýyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de telekeçi Bäşimow “Almaz şöhlesi” we “Ýiti almaz” haryt nyşanlary bilen täze konditer önümlerini ilata hödürleýär. Olaryň arasynda künjüli, kokosly, maňyzly, şokolad örtükli süýjüler, hoz, kofe hem-de süýt tagamly şokoladlar iň islegli önümleriň biridir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022