Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň baş diplomatlary sebitdäki howpsuzlygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň baş diplomatlary sebitdäki howpsuzlygy maslahatlaşdylar
Owganystandaky ýagdaý barada aýdyp, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy owgan meselesini çözmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň bäşinji mejlisine gatnaşdy.

Mejlise Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Sardor Umurzakow gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlisiň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň üstünde durup geçdiler. Diplomatlar şeýle-de sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagy bilen bagly meselelere seretdiler.

Öz çykyşynda döwletara gatnaşyklaryň ýola goýlan oňyn ösüş depginini bellemek bilen, Raşid Meredow bu formatyň sebitde hyzmatdaşlygyň has hem pugtalandyrylmagyny üpjün etmekdäki ähmiýetini nygtady.

Owganystandaky ýagdaý barada aýdyp, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy owgan meselesini çözmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň we bu ugurdaky işleriň depginini has hem artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda taraplar krizisden soňky ykdysady dikeldiş we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmegiň möhümdigini hem bellediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022