“Türkmenistanda öndürilen” milli nyşan dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistanda öndürilen” milli nyşan dörediler
“Türkmenistanda öndürilen” nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasy suratkeşleriň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan eder.

Ýurdymyzda “Türkmenistanda öndürilen” atly milli nyşany taýýarlamak boýunça çäreler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumy boýunça orunbasary Çary Gylyjow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda milli nyşany taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki zaman türkmen kompaniýalarynda öndürilýän bäsdeşlige ukyply we ýokary hilli önümler içerki hem-de daşarky bazarlarda barha uly meşhurlyga eýe bolýar.

“Türkmenistan halkara bileleşikde “Türkmenistanda öndürilen” nyşanly ýokary hilli harytlary öndürmekde uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýynyň ýokarlanmagyna, eksport kuwwatynyň artmagyna we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsirini ýetirýär” diýip, Çary Gylyjow aýtdy.

“Türkmenistanda öndürilen” nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Bu maksat bilen, wise-premýer Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak babatda degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanda öndürilen” milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullady. Döwlet Baştutanymyz bu babatda täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamy giňden ulanmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, bu ugurda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

2022