“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň täze önümhanasy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň täze önümhanasy gurlar
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasy 2018-nji ýylyň fewralynda açyldy.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň çäginde bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhana gurlar.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň çäginde goşmaça önümhanany gurmak boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça “Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň teklibi saýlanyp alyndy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de zerur gurluşyk serişdeleriniň, şol sanda aýna önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň möhümdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

2018-nji ýylyň fewralynda açylan iri aýna önümçilik zawody diňe bir gurluşyk maksatly aýnalar öndürmän, buýurmalar esasynda 15 görnüşli çüýşe gaplary hem öndürýär. Bu buýurmalar türkmen telekeçileriniň önümçiliginde, lukmançylykda we hojalykda giňden ulanylýar.

2022