USAID Türkmenistanda “Eksport platformasy” maksatnamasynyň ikinji tapgyryna başlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID Türkmenistanda “Eksport platformasy” maksatnamasynyň ikinji tapgyryna başlaýar
Maksatnama halkara bilermeniň goldawy bilen türkmen kompaniýalarynyň önümleriniň eksportyny ösdürmegi maksat edinýär.

Türkmenistanda gaýtadan işlenen azyk önümlerini hem-de alkogolsyz içgileri, şeýle-de öý himiki, arassaçylyk, gözellik we saglyk serişdelerini, gaplaýyş materiallaryny we sarp ediş harytlaryny öndürijiler üçin niýetlenen eksport türgenleşikleri dowam edýär.

Şeýle türgenleşikleri ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň telekeçilik we işewürlik gurşawyny ösdürmek taslamasy (USAID/FGI) Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň “Kiçi telekeçilik üçin maslahat” maksatnamasy (EBRD/ASB) bilen hyzmatdaşlykda hem geçirýär. Indi ikinji tapgyry geçirilýän bu türgenleşik “Eksport platformasy” maksatnamasynyň çäginde gurnaldy.

“Eksport platformasy” halkara bilermeniň goldawy bilen türkmen kompaniýalarynyň önümleriniň eksportyny ösdürmegi maksat edinýär diýlip, USAID-iň çarşenbe güni ýaýardan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Türgenleşik üçin USAID/FGI bilen EBRD/ASB güýçli eksport potensialyna eýe bolan we azyndan bir ýyl bäri işleýän dört sany ýerli kompaniýany saýlap alar. Kompaniýa saýlananda gatnaşýan kompaniýalaryň öz işleri, şol sanda eksportyň käbir hil we mukdar görkezijileri barada maglumat bermäge taýýar bolmagyna garaşylýar. Arzalar 15-nji maýa çenli kabul ediler.

Mundan başga-da, eger kompaniýa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzasy bolmasa, taslama başlanandan soň onuň agzasy bolmak maslahat berilýär.

Türgenleşige gatnaşjak kompaniýalaryň hünärmenlerine eksporta taýýarlyk görmekde strategiki we amaly derejeli maslahatlar hem-de goldawlar berler.

“Eksport platformasy” maksatnamasynyň birinji tapgyry geçen ýylyň oktýabrynda geçirildi we oňa 10 sany kompaniýa gatnaşdy.

2022