“Tibet Türkmen” berhizlik önümleriň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tibet Türkmen” berhizlik önümleriň önümçiligini ýola goýdy
Hususy kärhanada berhizlik önümleriň günde 5 müňden gowragy öndürilýär.

“Balşeker” haryt nyşany bilen azyk önümleriniň önümçiligini alyp barýan “Tibet Türkmen” hojalyk jemgyýeti ýaňy-ýakynda adam saglygy üçin peýdaly berhizlik önümleriň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, däneli ösümliklerden taýýarlanýan berhizlik tagamlar saglyk üçin peýdalydygy, ýokumlylygy bilen özüne çekýär. Önümler “Balşeker” haryt nyşany gaplara gaplanylýar we ýurdumyzyň söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenilýär. “Balşeker” haryt nyşanly ýeňiljek çörek bölejikleri, berhizlik bambuk taýajyklary saglyk üçin juda peýdaly bolup, aşgazan-içege ýollaryny arassalamaga, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Önümleriň düzüminde mekgejöwen, süle, çowdary uny, arpa ýarmasy, bugdaý ýarmasy, tüwi uny we az mukdarda nahar duzy bar. 

“Sagdyn ýaşaýyş üçin” şygary bilen iş alyp barýan hususy kärhanada berhizlik önümleriň günde 5 müňden gowragy öndürilýär. Olar 100 we 150 gram ölçegdäki göze gelüwli kagyz gutulara gaplanýar. Doly derejede arassa we ýerli çig mallardan taýýarlanylýan berhizlik önümleri içerki bazarda elýeterli bahadan halkymyza hödürlenilýär.

Şeýle-de köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýan kärhananyň önümleriniň arasynda “Balşeker” haryt nyşanly şokolad, ary bally we banan tagamly ertirlikler, marşmellowly taýyn ertirlik, bambuk taýajyklary, zefir, guş süýdi, marmelad, horaz süýjüleri islegli harytlar hasaplanylýar. 

“Tibet Türkmen” hojalyk jemgyýeti berhizlik önümlerini ýakyn wagtlarda goňşy döwletlere eksport etmegi meýilleşdirýär.

2022