Dünýäde COVID-19 bilen täze kesellänleriň sany 12% peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde COVID-19 bilen täze kesellänleriň sany 12% peseldi
2-nji maýdan 8-nji maý aralygynda ondan ozalky hepde bilen deňeşdirilende COVID-19 ýokanjy sebäpli aradan çykanlaryň sany 25% peseldi.

Koronawirus ýokanjy bilen täze kesellänleriň sany aprel aýynyň soňky hepdesi bilen deňeşdirilende geçen hepdede 12% peseldi. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) çarşenbe güni habar berdi.

BSGG-nyň hepdelik çykarýan maglumatlaryna görä, 2-nji maýdan 8-nji maý aralygynda ondan ozalky hepde bilen deňeşdirilende COVID-19 ýokanjy sebäpli aradan çykanlaryň sany 25% peseldi.

Geçen hepdede täze kesellänleriň sany 3 million 500 müňden we aradan çykanlaryň sany 12 müňden geçdi. BSGG-nyň belleýşi ýaly, mart aýynyň ahyryndan başlap täze kesellänleriň we aradan çykýanlaryň sany peselip başlady.

Ozalky hepde (25-nji aprelden 1-nji maý aralygy) bilen deňeşdirilende täze kesellänleriň sanynyň peselmegi esasan Günorta-Gündogar Aziýada (-29%), Gündogar Ortaýer deňzi sebitinde (-28%) we Ýewropada (-26%) hasaba alyndy.

Has köp täze kesellänleriň sany bäş ýurtda, ýagny ABŞ-da (451 müň 414,) Awstraliýada (431 müň 410), Germaniýada (427 müň 44), Italiýada (304 müň 573)  we Günorta Koreýada (268 müň 749) hasaba alyndy.

BSGG-nyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäde koronawirusyň omikron ştammy has köp ýaýrandyr.

2022