TDHÇMB söwdalarynda dizel ýangyjy we polietilen satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB söwdalarynda dizel ýangyjy we polietilen satyldy
Gidroarassalanan dizel ýangyjynyň bir tonnasy 1043 ABŞ dollaryndan satyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB ) penşenbe güni geçirilen söwdalarynda dizel ýangyjyny eksport etmek we içerki bazara ýokary dykyzlykly polietilen önümini ýerlemek boýunça birnäçe geleşikler hasaba alyndy.

Esasan-da, gidroassalanan dizel ýangyjy boýunça söwda geleşikleriniň 3-si we L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjyny satyn almaga geleşikleriň 4-si baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB anna güni habar berdi.

Gidroarassalanan dizel ýangyjynyň bahasy geçen söwdalar bilen deňeşdirilende, 6,4% peseldi hem-de onuň tonnasynyň bahasy 1043 ABŞ dollaryna deň body. L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjynyň bir tonnasynyň bahasy 995,50 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Gidroarassalanan dizel ýangyjyny Türkiýäniň (5 müň tonna) we BAE-niň (7,2 müň tonna) işewürleri satyn aldy. L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjyny bolsa, Türkiýäniň (5 müň tonna), BAE-niň (2,5 müň tonna) we Beýik Britaniýanyň telekeçileri (2,5 müň tonna) satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler 3,3 million manada Т60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 184 tonnasyny satyn aldylar. Önümiň bir tonnasynyň bahasy 18 müň manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 48 million 861 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022