Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministriniň orunbasary Alparslan Baýraktar penşenbe güni Baku şäherinde geçirilen 27-nji Energiýa forumynda eden çykyşynda Türkiýäniň türkmen tebigy gazynyň daşary ýurt bazarlaryna üstaşyr ugradylmagynda ýardam edip biljekdigini aýtdy.
Türkiýe içerki islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, içerki önümçilikde, şeýle hem Azerbaýjandan, Russiýadan we Eýrandan gözbaş alýan turbageçirijiler arkaly üpjün edilýän gazyň daşary, şol sanda Ýewropa bazaryna daşalmagyny gurnamak üçin ähli infrastrukturasyny işletmek girizmegi isleýär diýip, Baýraktar belledi.
Onuň aýtmagyna görä, Ankara çeşmeleri Türkmenistandan, Yrakdan we Ortaýer deňzinden daşarky bazarlara üstaşyr ugradylmagyna hem kömek edip biler.
Baku Energiýa forumy şu günler Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýär. Bu çäre global energiýa nukdaýnazaryna, ýaşyl energiýa geçişini maliýeleşdirmäge, gaz üpjünçiligi meselelerine, Hazar sebitindäki gözleg we önümçilik mümkinçiliklerine we başga-da birnäçe möhüm meselelere bagyşlanýar. Şu ýyl Baku Energiýa forumyna 20 ýurtdan gelen 400-den gowrak wekiller gatnaşýar.