Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi
Duşuşyklaryň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisine taýýarlyk meselesine garadylar. (Surat: Armenpress)

Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýan 7-8-nji iýunda sebit we ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda energiýa pudagynynyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada sapar amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda Artaşes Tumanýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň türkmen böleginiň başlygy wezipesini ýerine ýetirýän Şahym Abdrahmanow bilen duşuşdy. Ermeni resmisi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow bilen hem duşuşdy. Bu barada “Armenpress” çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşyklaryň barşynda taraplar gaz we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisine taýýarlyk meselesine garadylar.

Eýranyň Nebit ministri Jawad Owj Tähranda geçen aý Ermenistanyň Territorial dolandyryş we infrastruktura ministri Gnel Sanosýan bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ýurdunyň Türkmenistandan Ermenistana tebigy gaz alyş-çalşygyny başlamaga taýýardygyny mälim etdi.

2022