Türkmen-rus söwda dolanyşygy şu ýylyň I çärýeginde 45% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-rus söwda dolanyşygy şu ýylyň I çärýeginde 45% artdy
Russiýanyň Türkmenistana eksporty 124 million ABŞ dollaryna deň bolup, 49,3% artdy.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde 171 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 45% artdy. Bu barada anna güni iki ýurduň Prezidentleriniň arasyndaky duşuşyk boýunça Kremliniň çap eden maglumatlaryna salgylanyp, TASS agentligi habar berdi

Şol döwürde Russiýanyň Türkmenistana eksporty 124 million ABŞ dollaryna deň bolup, 49,3% artdy. Russiýanyň Türkmenistandan importy bolsa, 47,1 million ABŞ dollaryna barabar bolup, 35% ýokarlandy.

Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 865 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,8% artdy.

Russiýa Türkmenistana esasan, tehnika, enjamlar we ulaglar, azyk önümleri we oba hojalygynyň çig mallary, himiýa önümleri, metallar we metal önümleri eksport edýär. Russiýa esasan, Türkmenistandan dokma we aýakgap, azyk önümleri, himiýa senagatynyň önümlerini we rezin import edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli birnäçe resminamanyň gol çekilmegine garaşylýar.

2022