Türkmen haly önümleri dünýäniň meşhur onlaýn platformasynda satuwa çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen haly önümleri dünýäniň meşhur onlaýn platformasynda satuwa çykaryldy
«Hemdem» haryt nyşanly türkmen haly önümleri esasan ýüň we ýüpekden öndürilýär.

“Hemdem” haryt nyşanly türkmen haly önümleri we el işleri “eBay” onlaýn söwda platformasynda satuwa çykaryldy.

“Hemdem” haly önümçiliginiň esaslandyryjysy, telekeçi Arslan Hudaýberdiýewiň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, häzirki wagtda “eBay” onlaýn söwda platformasynda dürli ölçegdäki halylar, halydan dokalan ýan torbalar, kilimler, namazlyklar we diwarlyk bezeg halylary ýerleşdirildi.

Telekeçiniň aýtmagyna görä, esasan-da, ABŞ, Germaniýa, Italiýa ýaly ýurtlar türkmen haly önümleriniň we el işleriniň esasy sarp edijileridir. El halynyň müşderileri onuň taryhy ähmiýeti, inedördül metre düşýän çitim sany we gölüň görnüşine aýratyn üns berýärler.

«Hemdem» haryt nyşanly türkmen haly önümleri esasan ýüň we ýüpekden öndürilýär.

2022