Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde elektrobuslaryň we elektrik togy arkaly işleýän taksileriň hyzmatyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Täze hyzmatlaryň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahalyň täze merkezine amala aşyran saparynyň dowamynda öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Täze merkeziň işiniň tanyşdyrylyşynyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we edara ediş merkezi şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdiler.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny gorap saklamagyň wajypdygyny belläp, ulaglaryň täze görnüşlerine sürüjileri hem-de olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselesini içgin öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.
Täze merkezde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda D.Orazow köp sanly adamlaryň isleglerini nazarda tutup, Türkmenistanyň müftüsiniň merkeziň çäginde döwrebap metjidi gurmak babatda komitete teklip bilen ýüz tutandygy barada habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde birbada 5,5 müň adamyň namaza durmagyna mümkinçilik berjek metjidi gurmak baradaky teklibi makullady.
Şeýle hem, D.Orazow ýanýodalaryň gurluşygynda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin amatlyklaryň hem göz öňünde tutulandygyny habar berdi.
Täze welaýat merkezinde gurulýan desgalaryň hatarynda 12 müň 324 maşgala niýetlenen 2, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bardyr.