“Tut” haryt nyşanly arassa agyz suwunyň önümçiliginiň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tut” haryt nyşanly arassa agyz suwunyň önümçiliginiň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär
Agyz suwy üçin polikarbonatdan gutularyň önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýanyň 1 gije-gündiziň dowamynda 350-400 sany önüm öndürmek mümkinçiligi bar.

“Jadyly çeşme” hojalyk jemgyýeti geljekde 18,9 litrlik gaplarda “Tut” haryt nyşanly arassa agyz suwunyň önümçiligini ýola goýmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) metbugat gullugy habar berdi.

Agyz suwy üçin polikarbonatdan gutularyň önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýanyň 1 gije-gündiziň dowamynda 350-400 sany önüm öndürmek mümkinçiligi bar.

Bellenilişi ýaly, önümçilikde çig mal hökmünde polikarbonat ulanylýar. Polikarbonatdan öndürilen gutular edil çüýşe gaplar ýaly suwuň düzümini we hilini üýtgetmän saklamaga ukyplydygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.  

“Jadyly çeşme” hojalyk jemgyýeti öz işine 2018-nji ýylda başlap, kompaniýanyň önümçilik kärhanasy Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde ýerleşýär. 

2022